Sepleriň elýeterliligi

Waşingtonda ABŞ-nyň we Päkistanyň ýolbaşçylary duşuşýarlar


Çarşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň we Päkistanyň yslam ekstremizmine garşy hyzmatdaşlygy baradaky gepleşikleriň üçünji tapgyry başlandy.

Üç gün dowam etjek bu gepleşikler Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klintonyň, Päkistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň we Päkistanyň ýaragly güýçleriniň başlygy general Aşfak Parwez Kaýaniniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Şol gepleşikler amerikan Kongresiniň kabul eden 7,5 milliard dollarlyk programmasynyň çäginde geçirilýär. Bu programmanyň öňde goýýan maksady Päkistandaky mekdepleri, ýurduň daşky gurşawyny we demokratik institutlaryny ösdürip, yslam ekstremizminiň täsrini gowşatmakdan ybarat.
XS
SM
MD
LG