Sepleriň elýeterliligi

Klinton arap döwletlerini palestinalylara kömek bermäge çagyrdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Ýakyn Gündogarda parahatçylyk baradaky gepleşikleriň uly kynçylyklar bilen çaknyşýandygyny boýun aldy, ýöne gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin ABŞ-nyň tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Palestinalylara tarapdar öňdebaryjy amerikan guramalarynyň wekilleri bilen duşuşykda Klinton: “Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen Palestina awtonomiýasynyň baştutany Mahmut Abbasyň baş meselede - garaşsyz Palestina döwletini döretmek meselesinde pozisiýalary biri-birine gabat gelýär” diýdi.

Klinton şeýle-de arap döwletlerini palestinalylara kömek bermäge çagyrdy.

Sentýabryň başynda ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Netanýahu bilen Abbasyň arasynda ýaraşyk boýunça başlanan gepleşikler ýewreý obalaryny gurmaga girizilen moratoriýanyň möhletiniň dolmagy bilen sorag astyna düşüpdi.

Moratoriýanyň dowam etdirilmegine palestinalylar aýak direýärler.
XS
SM
MD
LG