Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ukrainany adam hukuklaryny goramaga çagyrýar


Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny berk goramaga we habar serişdeleriniň azatlygyny üpjün etmäge Ukrainany çagyrdy hem Kiýewiň hereketleriniň ÝB bilen gatnaşyklara baglydygyny duýdurdy.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aşton bilen Ýewrokomissiýanyň agzasy, ÝB-niň giňelmegine jogapkär Ştefan Fýuleniň bilelikdäki beýannamasynda “Ukrainada esasy azatlyklaryň we demokratik prinsipleriň, ylaýtada söz, ýygnaklar, birleşikler boýunça azatlyklaryň bozulmalary barasynda gelip gowuşýan köp sanly maglumatlar alada döredýär” diýlipdir.

Brýussel tarapyndan ukrain häkimiýetleriniň adresine bu tankyt daşary işleri ministrleri derejesinde duşenbe güni geçmeli ÝB-Ukraina duşuşygynyň öň ýany ýaňlandy.
XS
SM
MD
LG