Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň şäher häkimligi protest aksiýalaryna rugsat berer


Ýygnaklar azatlagyny goramagyň çäklerinde oppozisiýa wekillerine Triumfal meýdanynda protest aksiýalaryny geçirmäge Moskwanyň şäher häkimligi rugsat berer diýip, Moskwadaky Helsinki toparyň baştutany Lýudmila Alekseýewa aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetleriň mitingler geçirmek üçin teklip eden üç ýeriniň biri “Pekin” myhmanhanasy bilen Brest köçesi aralykdaky Triumfal meýdanydyr.

Berlen rugsat hatda aksiýalara islenişi ýaly bir ýarym müň däl-de, iki müň adamyň gatnaşyp biljekdigi bellenipdir.

Mundan öň Moskwanyň şäher häkimligi Triumfal meýdanynda oppozisiýanyň aksiýa geçirmegine rugsat bermeýärdi. Bu ýerde aksiýalar milisiýa tarapyndan on iki gezek dargadylypdy.
XS
SM
MD
LG