Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Saud Arabystana 60 milliard dollarlyk ýarag satar


ABŞ Saud Arabystana ýaraglaryň we harby tehnikanyň uly tapgyryny satmakçydygyny düýn resmi taýdan tassyklady.

Söwdanyň bahasy 60 milliard dollar bolup, analitikler oňa ABŞ-nyň ýarag satmak boýunça öňde-soňda baglaşan iň uly kontrakty hökmünde baha berýärler.

Waşington Er-Riýada F-15 kysymly ýok ediji uçarlaryň 84-sini, söweş dikuçarlarynyň 150-sini, häzirki zaman raketalaryny, bombalary, radarlary we beýleki ýaragdyr tehnikalary berer diýlip, çak edilýär.
XS
SM
MD
LG