Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistana sapary başlanýar


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana iş sapary başlanýar. Duşuşyk Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy şäherinde bolar.

Sapar bilen bagly TDH gullugynyň teswirlemesinde soňky döwür iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň güýçli depginde ösýändigi, 198 kilometr uzynlygy bolan Merkezi Garagum-Ýylanly gaz turbasyny gurmaga Orsýetiň gatnaşandygy bellenýär, iki ýurduň arasyndaky transport kommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Demirgazyk – Günorta demirýoly, Türkmenbaşy-Olýa deňiz gämi gatnawyny Türkmenistanyň öňe sürendigi mysal getirilýär.

Türkmenistanyň we Orsýetiň döwlet baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygy döwletara dialoga täze itergi berer diýip, TDH gullugy ýazýar.
XS
SM
MD
LG