Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran 20% baýlaşdyrylan 30 kilogram uran taýýarlady


Eýran eýýäm 20% baýlaşdyrylan uranyň 30 kilogram töweregini taýýarlady diýip, Eýranyň ýadro energetikasy boýunça edarasynyň baştutany Aly Akber Sadehi çarşenbe güni aýtdy.

Beýleki ýurtlar bilen uran çig malyny çalyşmak boýunça ylalaşyklary amala aşyrmak başa barmandan soň, şu ýylyň fewral aýynda Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat urany baýlaşdyryp başlamaga görkezme berdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi ýadrony işläp taýýarlamakdan ýüz öwürmändigi üçin Eýrana garşy sanksiýalar girizdi.

Dünýä jemgyýetçiliginiň pikiriçe, Eýranyň häzirki ýadro programmasy Tähranyň elinde ýadro ýaragynyň peýda bolmagyna getirmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG