Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýer bilen iň uzakdaky galaktikanyň aralygy kesgitlendi


Ýewropaly astronomlar adamzadyň öňde-soňda tapan iň uzakdaky galaktikasy bilen Ýeriň aralygyndaky uzaklygy kesgitlediler.

Şol galaktika biziň planetamyzdan 13 milliard ýagtylyk ýyl uzaklykda ýerleşýär diýip, “Nature” žurnaly ýazýar.

Galaktikany “Habbl” orbital teleskopy tapypdy. Aralygy alymlar Çiliniň Paranal daglarynda oturdylan Uly teleskop arkaly ölçediler.

Şol galaktika arşdaky diňe bir iň uzakdaky däl, iň gadymy obýektdir.

Alymlaryň berýän bahasyna görä, ol Uly partlamadan 600 million ýyl geçensoň döräpdir.
XS
SM
MD
LG