Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝB Ukraina ýiti duýduryş berdi


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç

Ýewropa Bileleşigi Ukrainada 31-nji oktýabrda ýerli saýlawlar geçiriljek bolup ýörkä, garaşsyz media we oppozisiýa edilýän basyşy bes etdirmek üçin prezident Wiktor Ýanukowiçe görkezýän gysyşyny artdyrdy.

Bileleşigiň Giňeme we goňşuçylyk boýunça komissary Ştefan Fýule düýn, 20-nji oktýabrda, Ýewropa parlamentinde baş diplomat Katerin Aştonyň üsti bilen ukrain hökümetine ýiti duýduryş berdi. Ol: “Ukrainada düýp erkinlikleriň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy Ýewropa Bileleşigini aladalandyrýar. Ýewropa Bileleşiginiň içinden eriş-agraç bolup geçýan şu gymmatlyklar. Bu barada kompromise ýol ýok” diýdi.

“Biziň Ukraina bilen iş salyşmagymyzyň tizligini we gerimini kesgitlejek şu gymmatlyklar bolar” diýip, Fýuele aýtdy. Soňra-da ol: “Ukraina ýokary derejede syýasy erkinligi, işjeň graždan jemgyýeti we mediasy bilen at alyp gelen ýurt” diýdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň hem geljek hepde Luksemburgda geçjek duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň resmileri tarapyndan şu tankytlar bilen garşylanmagyna garaşylýar.

Bileleşigiň Giňeme baradaky komissary Ýanukowiçiň administrasiýasynyň ykdysadyýetde gazananlaryny öwmek bilen özüniň bu tankydyna deňagramlylyk berdi. Ol bu barada gaz sektorynda bolan reformalary, Halkara walýuta fondundan kredit almak barada gelnen ylalaşygy ýörite nygtap geçdi.

Ýewropa parlamentinde Fueleden soň çykyş eden daşary syýasat boýunça ekspertler onuň aýdanlary bilen esasan ylalaşdylar.

“Ýewropanyň Halk partiýasy” tarapyndan çykyş eden germaniýaly hristian demokrat Mihael Gahler ýurduň gizlin gulluklary tarapyndan media we graždan jemgyýetiniň aktiwistlerine gysyş görkezilýänligi, ýerli saýlawlar göz öňünde tutulyp, oppozisiýany dymdyrmak üçin synanyşyklaryň bolýanlygy barada ynamdar çeşmelerden habar gelip gowuşýanlygyny aýtdy.

“Ykdysadyýet baradaky oňaýly habarlar bilen bu wakalaryň üsti bürelmeli däl. Awtoritar ýollar bilen ykdysady bolelinlige ymtylmak Ýewropanyň däl-de, Hytaýyň işi” diýip, Gahler aýtdy.

“Sosialistleriň we Demokratlaryň progressiw ýaranlygy” tarapyndan çykyp geplän rumyniýaly sosialist Adrian Sewerin hem Gahlere gaýtargy berip: “Möhüm zat Ukrainada syýasy durnuklylygyň goralyp saklanmagy” diýdi.

“Biziň hemmämiz tarapyndan erkin we adalatlydygy ykrar edilen saýlawlar arkaly täze hökümet saýlandy. Meniň pikirimçe, bu gün bu hökümet öz ugruna goýulmaly. Ol näme işleri bitirýär ýa bitirmeýär diýip, öňünden baha bermeli däl” diýip, Sewerin öz pikirini mälim etdi.

Ukraina barada Ýewropa parlamentinde gapma-garşylykly iki pikir höküm sürýär. Ýewropanyň Halk partiýasyny demokratik erkinlikleriň bozulmagy aladalandyrýar. Sosialistler hem syýasy durnuklylygy täzeden ornatmak üçin bolýan tagallalary ileri tutýar.
XS
SM
MD
LG