Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Türkmenistana bardy


D.Medwedew Türkmenistana öňki gezek, geçen ýylyň dekabr aýynda sapar edende, Moskwa bilen gepleşiklerde Aşgabat üstün çykana meňzäpdi.
D.Medwedew Türkmenistana öňki gezek, geçen ýylyň dekabr aýynda sapar edende, Moskwa bilen gepleşiklerde Aşgabat üstün çykana meňzäpdi.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 21-nji oktýabrda Türkmenistana iki günlük resmi saparyna başlady.

Orsýetiň lideriniň Türkmenistanda geçirjek gepleşikleriniň üns merkezinde tebigy gaz meselesi bolar diýlip garaşylýar. Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda soňky iki ýyl bäri gazyň bahasynyň üstünde dawa dowam edýär.

D.Medwedew Türkmenistana öňki gezek, geçen ýylyň dekabr aýynda sapar edende, Moskwa bilen gepleşiklerde Aşgabat üstün çykana meňzäpdi. Häzirki pursatda D.Medwedew ýagdaýyň üýtgänligini Aşgabada duýdurmak isleýär.

Ozalky ýyllarda “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan mümkin boldugyça köp gaz satyn almaga we ýokary bahadan tölemäge taýýardy. Emma bu dünýäde gazyň ulanylyşynyň azalmagyna getiren global maliýe krizisi başlanmazdan öňki döwre degişlidi.

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti D.Medwedewiň 21-nji oktýabrda Türkmenistana edýän saparynyň dowamynda gazyň söwdasyna hem bahasyna degişli gelnip bilinjek ylalaşyklar ýurtlaryň eýeleýän pozisiýalarynyň agramyna görä bolar.

Oksfordyň Energiýa meseleler boýunça institutynyň gaz programmasynyň müdiri Jonatan Sterniň pikirine görä, häzirki wagtda “Gazpromyň” gaz satyn almak zerurulygy ýok. Kompaniýanyň gazy satyn almaga zerurlygy bolmasa-da, bar bolan ylalaşyklara görä, pul sarp edip, gazy styn almaga borçludygy “Gazpromyň” öňünde duran esasy kynçylyklaryň biri. “Gazprom” üçin ýurduň öz gazy beýleki gaz öndürijileriň gazyny almak has arzan düşýär.

“Şeýlelikde Merkezi Aziýa döwletleri bilen gaz söwdasy boýunça bar bolan ylalaşyklar “Gazpromyň” esasy problemasydyr. Bu ylalaşyklar “Gapzroma” geljekde gerek bolar, emma häzirki wagtda gaza bolan talaplar henizem pes derejede galýarka kompaniýa gaza mätäç däl” diýip, Jonatan Stern aýdýar.

Mukdar az, baha ýokary

Tebigy gazyň nyrhy pese düşende Orsýet Özbegistandan we Gazagystandan satyn alýan tebigy gazynyň bahasyna gaýtadan garalmagyny gazanypdy. Emma gaz zapaslary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan we şol döwürde satýan gazynyň 90%-ni Orsýete akdyran Türkmenistan “Ýewropa bazarlarynyň bahasyndan” hasaplaşmak talabyndan el çekmändi.

2009-njy ýylyň aprel aýynda turbadan alynýan gazyň möçberi çürt-kesik azalyp, Türkmenistanyň esasy eksport gaz geçirijisinde partlama emele gelende, Aşgabat munuň jogapkärçiligini Moskwanyň üstüne atypdy we eksportyň kesilmegi netijesinde her aýda 1 milliard dollar çemesi zyýan çekýänligini mälim edipdi.

Energiýa boýunça ekspert Jonatan Sterniň bellemegine görä, geçen ýylyň aprel we dekabr aýlarynyň aralagynda Türkmenistandan Orsýete gaz akdyrylmansoň, türkmenler “Gazproma” bil baglap bolmajagyna we beýleki gaz bazarlaryny gözlemegiň zerurlygyna göz ýetirdiler.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň 2009-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistana eden sapary netijesinde türkmen gazynyň Orsýete eksporty dikeldildi. Emma gaz söwdasynyň şol ýylky möçberi 11 milliard kub metr töwereginde bolup, munuň öň ýanyndaky ýylyň 40 milliard kub metrden ybarat möçberiniň diňe dörtden bir bölegine deň boldy.

Emma bu Türkmenistan tarapyndan üstünlik hökmünde kabul edildi. Sebäbi satylýan gazyň mukdary öňküsinden kem bolsa-da, bahasy ýokarlanypdy.

Eksport mümkinçilikleri

Türkmenistan Hytaýa we Eýrana tarap täze gasgeçirijilerini işe girizmek arkaly hem öz pozisiýasyny güýçlendirdi. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistan köpugurly energiýa syýasaty arkaly öz pozisiýasyny has-da berktmäge çalyşdy. Türkmenistanyň hökümeti türkmen gazyny Ýewropa ýetirmek boýunça “Nabukko” proýektini agzap gelýär.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gas geçiriji proýektini hem aktiw goldaýar. Emma bu proýektlere degişli şertnamalar entek gol çekilmän galýar we Türkmenistanyň eksport derejesini çürt-kesik ýokarlandyrmak planlaryna şübhe döredýär.

Türkmenistan tebigy gazyň eksport derejesini ýylda 25-30 milliard kubometrden 2030-njy ýylda 180 milliard kubometre ýetirmek isleýän bolsa, onda ol Orsýete garaşly bolar. Moskwanyň türkmen gazyny satyn almagy üçin bolsa Aşgabat nyrhlary aşak düşürmeli bolar.

Orsýetiň Ýamal ýarym adasynda ýerleşýän gaz ýataklarynyň baýlygy 16 trillion kubometr bardyr diýlip, çak edilýär. 2011-nji ýylda “Gazprom” Ýamaldaky gaz önümçiligini 15 milliard kubometre ýetirmäge ukyply. Ýataklaryň gaz ätiýaçlyklary Orsýetiň Ýewropa tarap “Demirgazyk” we “Günorta akym” gaz geçirijilerini gaz bilen doly üpjün etmäge ukyply.

Muňa garamazdan, Orsýetiň prezidenti D.Medwedewiň Türkmenistana sapary Aşgabat üçin amatly pursat hem döredýär. Orsýetiň Ýamal ýaly demirgazyk regionlaryndaky gaz önümçiligi ýörite gurluşyk infrastrukturasyny talap edýär. Netijede Orsýete öz içerki gaz önümçiliginiň gazy daşardan satyn alandan has gymmat düşmegi-de ahmal.
XS
SM
MD
LG