Sepleriň elýeterliligi

Duşmançylyk taryha siňdi


Narodetski: "Türkmenistan bilen Özbegistanyň göze ilip duran ýakynlaşmasy Orsýet tarapyny aladalandyrman durup bilmez".

Narodetski: "Türkmenistan bilen Özbegistanyň göze ilip duran ýakynlaşmasy Orsýet tarapyny aladalandyrman durup bilmez".

Özbek prezidentiniň Türkmenistana saparynyň üstünligi we ähmiýeti köp ugurlar boýunça belli bolup dur. Ozaly bilen Islam Karimowyň Aşgabada gelmegi Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwri dörän köpýyllyk duşmançylygyň kontekstinde häzir adatdan daşary, deňi-taýy bolmadyk, simwolik häsiýete eýe sapar bolup görünýär.

Karimowyň bu sapary Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky öňki, köne duşmançylygyň soňuna nokat goýdy. Iki prezidentiň birek-biregi şahsy halamazlygy, ýigrenmegi esasynda dörän şol gapma-garşylyk, duşmançylyk ýüzelerçe müň ýönekeý adamlaryň gündelik durmuşynda özüni görkezipdi.

Şol garşydurmanyň iň ýokary derejä ýeten döwri 2002-nji ýylyň 25-nji nobýar wakasy diýilýän bilen bagly. Türkmen prezidentini wezipeden taýdyrmaga, ýurduň konstitusion gurluşyny agdarmaga synanyşykda S.Nyýazow Özbegistanyň ýolbaşçylaryny hem aýyplapdy.

Wakalar şeýle bir çalt ösüp, türkmen ýörite gulluklary Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowy ele salmak üçin rugsatsyz giripdiler. S.Nyýazow B.Şyhmyradowy şol wakalary, öz garşysyna dildüwşigi esasy gurnaýjy yglan edipdi.

Gözlenýän adam ilçihanadan tapylmady. Türkmen tarapy ilçihana kürsäp girmek bilen, halkara diplomatik kanunlaryň esaslarynyň birini bozupdy, ýöne bu hereket üçin özbek tarapyndan ötünç soralmady. Şondan soň iki ýurduň arasyndaky iki müň kilometre golaý serhet türkmen tarapyndan has-da berkidildi.

Ozaly bilen serhet ýakasynyň ilaty, özbek tarapynda ýaşaýan türkmenler, türkmen topragynda oturan özbekler şol konfliktden azar baryny gördürler. Berkden berk petiklenen serhetler köp wagtlap dogan-garyndaşlaryň, çagalary bilen ene-atalaryň arasyny, olaryň gatnaşygyny kesdi.

Ýagdaýlar kadalaşýar

Ýöne soňky ýyllar serhetde ýagdaýlar kadalaşýar. Arakesmeden soň iki tarap hem köp wagt bäri birek-biregi görmek, gatnaşmak mümkinçiliginden mahrum bolan türkmenlere hem özbeklere baryp-gelmäge rugsat berdi.

Şonuň üçinem Islam Karimowyň Türkmenistana bu saparynda iki tarapdaky köp adamlar S.Nyýazow ölenden soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda peýda bolan maýlamanyň dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Häzir iki ýurt arasynda ykdysady ýakynlaşma, bu ugurdan gatnaşyklarda uly böwsüş barasynda gürrüň ederden irräk. Prezidentleriň ikisi-de ykdysady esaslary bolmadyk dokumentlere gol çekdi. Ýöne oňyn özgerişleriň binýady goýuldy.

Merkezi Aziýa regionynda şunuň ýaly özgeriş uly ähmiýete eýe, ol köp zatdan habar berýän ýagdaý. Sebäbi goňşy ýurtlaryň arasynda gatnaşyklar häli-şindi dartgynly häsiýete eýe bolýardy. Şol garşydurmalary regionda özüni görkezmek isleýänler öz şahsy bähbidine ulanýardy.

Özbegistanyň lideri Islam Karimow goňşy ýurtlaryň özara integrasiýasynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow regiondaky problemalary çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm roluny tassyklady.

Şu beýannamalara Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana saparyndan üzňelikde seretmek bolmaz. Hut Orsýet Merkezi Aziýada öz täsirini saklap galmak ugrunda alada edýär. Daşkentde-de, Aşgabatda-da Moskwa bilen gatnaşyklar hemişe ýag bilen ýüpek ýaly bolmandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň göze ilip duran ýakynlaşmasy Orsýet tarapyny aladalandyrman durup bilmez. Türkmen we özbek halklarynyň Dostluk festiwaly hakyky baýrama öwrüldi. Ýöne şol baýram Moskwada beýle gyzgyn bellenmese gerek.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG