Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti özbek kärdeşine Ahal-teke atyny sowgat berdi


Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşi Islam Karimowa üç ýaşyndaky Ahal-teke atyny sowgat berdi.

Bu sowgat Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowa 19-20-nji oktýabr günlerinde Türkmenistana eden resmi saparynyň dowamynda gowşuryldy.

Bu saparyň dowamynda prezidentler Karimow bilen Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky ykdysady, söwda, bilim, transport hyzmatdaşlygy we regional meseleler barada gepleşikler geçirdiler.
XS
SM
MD
LG