Sepleriň elýeterliligi

Klinton Palestinanyň we Ysraýylyň liderlerini gepleşiklere çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klinton Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň kadalaşmagy üçin “jadyly formulanyň” ýokdugyny we düşünişmezlikleriň diňe gepleşikleriň üsti bilen aradan aýryljakdygyny aýtdy.

Klintonyň bellemegine görä, Palestina awtonomýasynyň baştutany Mahmud Abbas we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ylalaşyga gelmek üçin iki taraplaýyn gepleşikleri geçirmäge mejbur.

Ysraýylyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky gurluşyk işlerine girizen gadanlygynyň bir aý mundan öň gutarmagy netijesine, bu gadaganlygyň uzaldylmanlygy sebäpli, Palestina gepleşiklerden ýüz öwürjekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG