Sepleriň elýeterliligi

Sobýanin Moskwanyň häkimi wezipesine tassyklandy


Penşenbe güni Putiniň ýakyn ýarany Sergeý Sobýanin Moskwanyň kanun çykaryjy organy tarapyndan Moskwanyň häkimi wezipesine tassyklandy.

Sobýanin Moskwanyň ozalky häkimi Ýuriý Lužkowyň ornuna saýlandy. 18 ýyllap Moskwanyň häkimi bolan Lužkow korrupsiýada aýyplanyp, prezident Dmitriý Medwedewiň karary bilen işden boşadylypdy.

Sobýanin Moskwada kök uran korrupsiýa we býurokratiýa garşy göreşjekdigini aýtdy.

52 ýaşyndaky Sergeý Sobýanin Putiniň prezidentlik eden döwründe hökümet apparatynyň ýolbaşçysy bolupdy.
XS
SM
MD
LG