Sepleriň elýeterliligi

Ýewroparlament “Saharow” baýragyny kubaly dissidente berdi


Penşenbe güni Ýewropanyň parlamenti “Saharow” baýragyny kubaly dissident Guillermo Farinasa berdi.

48 ýaşyndky žurnlasit we psiholog Farinas 11,5 ýyllap türmede oturdy we Kubanyň režimine protest hökmünde 23 sapar açlyk yglan edipdi.

“Saharow” baýragynyň eýesini penşenbe güni Ýewropa Parlamentiň prezidenti Jerzy Buzek yglan etdi: “Guillermo Farinas garaşsyz žurnalist we syýasy dissident. Ol öz janyny we saglygyny orta goýup, Kubada özgerişlikleriň bolmagy ugrunda tagalla etdi. Ol Kubada söz azatlygynyň ýokdugyna protest hökmünde birnäçe gezek açlyk yglan etdi. Ol bulary azatlyk, adam hukuklary we demokratiýa ugrunda alada edýänlere umyt bildirip etdi”.

“Saharow” baýragy we 50,000 ýewro möçberindäki pul baýragy Farinasa 15-nji dekabrda Fransýanyň Strasburg şäherinde gowşurylar.

"Saharow" baýragy erkin pikir üçin berilýän baýrak. Bu sowet alymy we dissidenti Andreý Saharowyň hatyrysyna 1988-nji ýylda Ýewropanyň parlamenti tarapyndan döredilipdi.
XS
SM
MD
LG