Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň premýer-ministri Erdogan Gresiýa geldi


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan düýn Ortaýer deňzinde klimatyň üýtgemegi boýunça halkara konferensiýasynyň açylmagynyň öň ýany Gresiýanyň paýtagty Afina geldi.

Şu gün Erdogan Gresiýanyň hökümet başlygy Georgi Papandreu bilen gepleşikler geçirýär.

NATO boýunça ýaran Türkiýe we Gresiýa 1974-nji ýylda iki bölege bölünen Kipriň töweregindäki jedeller bilen bagly ýönekeý bolmadyk gatnaşyklary başdan geçirýär.

Şol döwürden bäri taraplar ýaragly çaknyşygyň golaýyna üç gezek baryp gaýtdylar.
XS
SM
MD
LG