Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilide halas edilen magdançylar suda şikaýat etdiler


13-nji oktýabrda Çilide halas edilen, 69 gün 700 metr çuňlukda magdan käninde oturan 33 magdançynyň 31-si käniň eýesini suda berýär.

Olar özleri bilen bolan waka üçin kimiň näderejde jogapkärdigini anyklamak isleýär diýip, magdançylaryň aklawçysy aýtdy.

Suda şikaýat edenleriň biri 5-nji awgustda käniň opurylmagyna üç sagat galanda, adaty bolmadyk sesleriň gelýändigini operatora duýduryp, özleriniň ýokary çykarylmagyny haýyş edendiklerini, emma towakganyň ret edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG