Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň täze meri köçelerden dykyny aýyrmakçy


Moskwanyň täze şäher häkimi Sergeý Sobýanin Orsýetiň paýtagtyndaky awtomobil dykyny problemasyny çözmek boýunça adatdan daşary çäreleri zerur hasap edýär.

Ol öten agşam Orsýetiň Transport ministrliginde Moskwadaky ýagdaý boýunça geçirilen maslahata gatnaşdy.

Täze mer öz maksatlarynyň biriniň ýük daşaýan maşynlary şäheriň çäginden çykarmakdygyny aýtdy.

Düýn Sobýanin Moskwa şäher dumasy tarapyndan şäher häkimi wezipesine tassyklandy we ýörite gurnalan dabarada kasam kabul etdi.
XS
SM
MD
LG