Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky gözegçilik 2014-e çenli ýerli güýçlere tabşyrylar


Owganystanda howpsuzlyga gözegçiligi, öň bellenişi ýaly, 2014-nji ýyla çenli ýerli güýçlere tabşyrmak Demirgazyk atlantik alýansyna başardar diýip, NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen düýn Gresiýa eden saparynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, owgan goşunlary ýurduň howpsuzlygyny özleri üpjün edip bilýändiklerini subut edýänçä, Owganystanda ýeterlik derejede harby gullukçy saklanar.

Rasmussen şeýle-de ekstremistler bilen göreşde NATO-nyň öňe gidişlik gazanandygyny, hemme ýerde talyplaryň ýeňlişi başdan geçirýändiklerini habar berdi.
XS
SM
MD
LG