Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewreý obalarynyň gurluşygy ýaňadan başlandy


BMG-niň Ýakyn Gündogardaky wekili Robert Serri ýewreý obalarynyň gurluşygynyň ýaňadan başlanmagy “halkara hukugyna ters gelýär” diýdi.

Ýewreý obalarynyň gurluşygyna garşy çykýan “Häzirki dünýä” atly ysraýyl guramasy Iordan derýasynyň günbatar kenarynda 600 ýaşaýyş jaýynyň gurlup başlanandygyny habar berdi.

Mundan öň Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu sentýabryň ahyrynda möhleti dolan gurluşyga moratoriýanyň möhletini uzaltmak barada palestin tarapynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň çagyryşlaryny ret edipdi.
XS
SM
MD
LG