Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti konferensiýa gatnaşyjylary gutlady


TDH gullugy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dünýä türkmenleriniň gumanitar bileleşiginiň 13-nji konferensiýasyna gatnaşyjylary gutlandygyny, iň gowy arzuwlar ýollandygyny ýazýar.

“Şu günki gün dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň gumanitar bileleşiginiň bölümleri işleýär. Dürli ýurtlarda ýaşaýan onlarça müň doganlarymyz öz işlerini ata watanlarynda alyp barýarlar…hem ýurduň ilerlemegine mynasyp goşant goşýarlar. Biz Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan watandaşlarymyza ýokary okuw jaýlarynda okamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak ýaly meselelerde kömek bereris” diýlip, gutlagda nygtalypdyr.

Emma Türkmenistanda ýurduň öz içindäki ýaşlar üçin okuw jaýlarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigini ýerli synçylar belleýärler.
XS
SM
MD
LG