Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada protest aksiýalary dowam edýär


Fransiýanyň Kärdeşler arkalaşygy pensiýa reformasyna garşy 28-nji oktýabrda we 6-njy noýabrda iki täze protest aksiýalaryny we iş taşlaýyşlary geçirmäge çagyrdy.

Fransuz hökümeti pensiýa ýaşyny 60-dan 62-ä ýetirmek isleýär. Şu plan tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin protestleriň döremegine sebäp boldy, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň iş taşlamagy netijesinde ýurtda ýangyç ýetmezçiligi döredi.

Ählumumy zähmet konfederasiýasynyň wekili Žan Lýuk Botella düýn şeýle diýdi: “Hökümetiň gepleşikler stolunyň başyna geçmeli wagty gelip ýetdi. Iş taşlaýyşlar bilen bagly dörän ykdysady gabaw sebäpli häzir biznes agyr döwri başdan geçirýär. Muňa garamazdan, ýagdaý üçin jogapkärçiligi hökümet çekýär” diýip, profsoýuzyň wekili aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi şeýle diýdi: “Öňküler bilen deňeşdirilende häzirki ýaşlar has gijräk işläp başlaýarlar, sebäbi olar okaýarlar, bu gowy zat. Garrylar köp ýaşaýarlar, ynsan ömrüniň dowamlylygy artdy. Şonuň üçinem pensiýa ýaşyny artdyrmakdan başga ýol ýok”.
XS
SM
MD
LG