Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň täze meri bellendi


Sergeý Sobýanin (sagda) Moskwa şäher dumasy tarapyndan şäher häkimi wezipesine tassyklandy we ýörite gurnalan dabarada kasam kabul etdi.
Sergeý Sobýanin (sagda) Moskwa şäher dumasy tarapyndan şäher häkimi wezipesine tassyklandy we ýörite gurnalan dabarada kasam kabul etdi.

Moskwanyň şäher dumasy düýn premýer-ministr Wladimir Putiniň ýakyn kömekçisini ors paýtagtynyň täze meri edip saýlady.

Öten aý uly dawa-jenjel bilen prezident Dmitriý Medwedew tarapyndan merlik wezipesinden boşadylan Ýuriý Lužkowyň ornuna indi 52 ýaşly Sergeý Sobaýanin gelýär.

Düýnki ses berişlik köpleriň garaýşyça bir gury formallyk bolup durýardy. Sebäbi 35 orunly şäher dumasynda 32 orny eýeleýän Putiniň “Bütewi Orsýet” partiýasynyň deputatlary.

Şol 32 deputatyň hemmesi Sobýaniniň kandidatlygyny goldady. Oňa garşy ses beren - “Bütewi Orsýet” partiýasyna ýeke özi oppozisiýada duran kommunistik partiýanyň 3 wekili.

18 ýyllyk merlik döwründe Ýuriý Lužkowyň Kreml bilen oňuşmadyk mahallary hem boldy. Emma Sergeý Sobýanin Putiniň ýakyn ýarany hasaplanýar.

Kreml Lužkowy korrupsiýada, aýratyn-da düşewüntli kontraktlary öz milliarder aýalynyň gurluşyk kompaniýasyna ugrukdyranlykda aýyplady.

Sobýanini düýn şäher dumasynda eden çykyşynda özüniň korrupsiýa garşy göreşip, Moskwanyň dolandyrylyşyna aç-açanlyk getirjekdigini aýtdy.

“Şähere aýdyň we netijeli işleýän dolandyryş sistemasynyň gerekdigine şübhe ýok. Men muny we dolandyryş prosedurasy hem-de býujetde ileri tutulýan ýagdaýlar barada aýdýaryn” diýip, Sobýanin aýtdy.

Täze mer paýtagt Moskwany dolandyrmakda graždan jemgyýetçiliginiň pikirlerine ýeterlik derejede ähmiýet bermegi hem wada etdi.

“Biziň jemgyýetçilige, hökümete degişli däl guramalara, Moskwada hereket edýän partiýa strukturalaryna ynamly garamalydygymyza şübhe ýok. Hökümetiň her bir işgäri öz işiniň raýatlaryň gözegçiligindedigini bilmeli” diýip, Sobýanin aýtdy.

Ýöne Orsýetde köp adamlaryň pikiriçe, Sergeý Sobýaniniň Moskwanyň meri wezipesine bellenmegine we oňlanmagyna sebäp bolan zat - onuň Wladimir Putine wepaly bolmagy.

Şeýle garaýyşdaky adamlaryň biri syýasy analitik Kirill Rogow: “Sobýanin Putiniň buýruklaryny, birje harpyny-da sypdyrman, dykgat bilen ýerine ýetirer”.

Rogowyň aýtmagyna görä, 2012-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawynda Sobýaniniň esasy wezipesi Moskwanyň sesini Kremliň bellän kandidatyna gönükdirmek bolar.

Putin bilen Medwedew kimiň bu saýlawa kandidat bolup gatnaşjakdygy barada özara ylalaşjakdyklaryny aýtdylar. Ýöne synçylaryň köpüsi: “Bu wezipä dalaş eden Putin bolar” diýýär.
XS
SM
MD
LG