Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Otunbaýewa halka ýakyn durýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa
Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa

Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa öz şahsy saýtynda çykyş edip, ýurtdaky soňky ýagdaýlar barada maglumat berdi.

Otunbaýewanyň sözlerine görä, Merkezi saýlaw komissiýasyna saýlaw protokollaryny gaýtadan sanamak we barlamak üçin birneme wagt gerek: “Protokollaryň salnan gutularyny açmaga we sanamaga döwlete degişli bolmadyk guramalaryň hem-de saýlawlara gatnaşan partiýalaryň wekilleri gatnaşarlar”.

Otunbaýewa saýlawlaryň öňki netijelerine görä, ýeňiş gazanan partiýalaryň liderleri bilen duşuşandygyny, koalisiýa düzmek meselesinde kän işlemelidigini bildirdi: “Syýasy partiýalar biz birleşdik diýip oturman, ykdysady, sosial, daşky syýasatdaky problemalar boýunça nähili işleri bitirjekdiklerini jemgyýetçilige aýan etmeli”.

Şeýle-de prezident ýurtdaky syýasy ýagdaýlar barada durup geçip, parlamentiň öňki binasynyň öňünde geçýän mitingleriň ýurtdaky durnuklylyga täsir edýändigini aýdyp, muňa garşy çäreleriň görüljekdigini belledi.

Bu Otunbaýewanyň ilkinji çykyşy däl. Ol ýurtdaky dürli ýagdaýlar boýunça yzygiderli çykyş edýär. Syýasat owrenijiler bolsa prezidentiň bu çykyşlaryna Merkezi Aziýada we Gyrgyzystanda graždan jemgyýetlerini we demokratik institutlary ösdürmek ugrunda edilýän progressiw ädim hökmunde baha berýärler.

Syýasaty öwreniji Sardar Birmanow ýurduň hökümetiniň parlament saýlawlarynda berilen sesleri gaýtadan sanamaga rugsat berendigini dogry diýip hasaplaýar. Emma rugsat berläýende-de, bu işiň çäginiň bolmalydygyny aýdýar.

“Indiki möhüm mesele: koalisiýada kim kime goşular? Koalisiýany düzmek meselesine daşky güýçleriň, esasan-da Orsýetiň täsiri bolar. Orsýet özleri bilen gatnaşyk saklaýan partiýalary Günbatara ýykgyn edýän partiýalara garşy durmak üçin birleşmäge mejbur eder” diýip, Sardar Birmanow nygtaýar.

Närazylyk bar

Gyrgyzystandaky parlament saýlawlary bilen baglanyşykly närazylyk aksiýalary dowam edýär. Ýurtda durnuklylygy saklamak üçin näme etmeli? Käbir ekspertler parlament saýlawlaryny gaýtadan geçirmeli diýýärler.

Syýasaty öwreniji Žyrgalbek Kasabolotow beýle pikir bilen ylalaşmaýar: “Häzirki saýlanan partiýalara işlemäge wagt bermeli. Biraz wagt geçip, olaryň işine baha berer ýaly bolmaly. Diňe şondan soň gaýtadan saýlaw geçirmek bolar”.

Emma syýasaty öwreniji Uran Botobekow, närazylyk aksiýalaryna çykýanlaryň arkasynda syýasy elitanyň durandygyny aýdýar: “Ähli partiýalaryň liderleri tegelek stoluň başyna geçip, bar problemalary maslahatlaşmaly we kanunyň çäginde bir karara gelmeli. Diňe şonda milli birleşik dörär”.

Käbir synçylar bolsa, eger-de Merkezi saýlaw komissiýanyň saýlaw netijeleri boýunça indiki hasabatyndan soň, oppozisiýadaky üç partiýa koalisiýa düzüp, parlamentdäki orunlaryň köpçüligini eýeleseler, şonda ýagdaýyň has-da ýaramazlaşjakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG