Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistanda soňky iki günde üç gozgalaňçy öldürildi


Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri we polisiýasy tarapyndan soňky iki günde üç gozgalaňçynyň öldürilendigi we başga-da üçüsiniň tussag edilendigi habar berilýär.

Ýurduň içeri işler ministriniň aýtmagyna görä, anna güni Raşt jülgesindäki operasiýa netijesinde bir söweşiji öldürildi we başga-da 3-si tussag edildi.

Sentýabr aýynda Raşt jülgesinde ýurduň harby kerwenine edilen hüjümden soň regionda durnuksyz ýagdaý emele gelipdi.

Mundan başga-da ýurduň demirgazygyndaky Soghd regionynda iki söweşiji tussag ediljek bolanda garşylyk görkezendigi üçin öldürildi.

Täjik resmileriniň aýtmagyna görä, öldürlenleriň biri Özbegistanyň yslam herekerini zenan agzasy.
XS
SM
MD
LG