Sepleriň elýeterliligi

Kuba ýene bäş sany syýasy tussagy türmeden çykarmakçy


Kuba bäş sany syýasy tussagy türmeden çykaryp, Ispanýa ýolamagy göz öňünde tutulýar.

Gawananyň Katolik kelisesiniň maglumatyna görä, olar şu ýylyň başynda Kubanyň goýbermäge ylalaşan 52 dissidentiniň arasynda ýok.

Penşenbe güni Ýewropa Parlamenti ýokary derejeli “Saharow” baýragyny kubaly dissident Guillermo Farinas berenden soň, Kuba bu kararyny yglan etdi.

Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri duşuşyp, guramanyň Kuba baradaky syýasaty boýunça gepleşikler geçirerler.
XS
SM
MD
LG