Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň “Alga” partiýasynyň lideri prezidentlige dalaş etmekçi


Gazagystanyň “Alga” atly resmi taýdan hasaba alynmadyk oppozision partiýasynyň ýolbaşyçysy Wladimir Kozlow 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygyny yglan etdi.

Kozlowyň aýtmagyna görä, “70 ýaşly Nazarbaýewiň alyp barýan syýasatynyň täzelenmeginiň wagty geldi”.

Geçen aý prezident Nursoltan Nazarbaýewiň hem 2012-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG