Sepleriň elýeterliligi

Moskwada hökümete garşy ýygnanyşyk geçirildi


Şenbe güni Moskwada azyndan 300 adam syýasy reformalary we premýer-ministr Wladimir Putiniň işden çekilmegini talap edip ýygnanyşyk geçirdi.

Demonstrasiýaçylar Kremliň golaýyndaky Puşkin meýdançasynda ýygnandylar. Olar «Putin gitmeli», «Ilatyň hyzmatkärleri, ogurlamagy bes ediň!», «Biz irki saýlawlary isleýäris» diýen şygarlary öňe sürdüler.

Bu ýygnanyşyk ygtyýar berilmedik ýygnanyşykdy, emma polisiýa hiç kimiň tussag edilmändigini aýtdy.

Adatça Moskwada oppozisiýa ýygnanyşyklary gadagan we polisiýa protestleri bada-bat dargadýar.
XS
SM
MD
LG