Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda 6 adam öldürildi


Orsýetden gowşan habarlarda ýurduň Demirgazyk Kawkaz sebitinde şu gün 6 adamyň öldürilendigi aýdylýar. Bu adamlar polisiýanyň reýdi netijesinde öldürilipdir.

Polisiýa janyndan geçen ulagly bombaçynyň Kasawýurtda polisiýanyň umumy ýatakhanasyna hüjüm etmäge synanandygyny aýdýar. Bombaçy özüni we bir polisiýa ofiserini öldürip, ýedi adamy ýaralapdyr.

Şeýle-de Dagystan polisiýasy Komsomol obasynda güman edilýän pitneçileriň ikisini öldürdi.

Inguşystanda polisiýa terror aýyplamalary esasynda gözlenýän iki pitneçini öldürdi.
XS
SM
MD
LG