Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Hazyna sekretary Hytaýda ykdysady gepleşik geçirýär


Birleşen Ştatlaryň Hazyna sekretary Timosi Geýtner şu gün wise-premýer Waň Kişan bilen gepleşmek üçin Hytaýa geldi.

Bu gepleşikde ýuan pul birliginiň gymmaty bilen bagly ynjyk meseläniň gozgalmagyna garaşylýar.

Geýtner Hytaýyň gündogar şäheri bolan Kiňdaoda Waň bilen duşuşyp, iş naharyna ugrady.

Waşington Pekin hytaýly eksportçylara kömek etmek üçin ýuanyň hümmetini peseldip saklaýandyr öýdýär.

Geýtneriň sapary 20-lik toparynyň malýie ministrleriniň Günorta Koreýada bolan duşuşygynyň yz ýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG