Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda BMG-niň binasyna hüjüm edildi


Janyndan geçen bombaçylar şenbe güni Hyrat welaýatynda BMG-niň edrarasyna hüjüm etdiler. BMG-niň işgärleriniň arasynda ýaralanan ýok.

Ýerli polis resmisi bombaçylaryň polisiýa formasyny we aýal çadrasyny geçip, Hyrat şäheriniň daşyndaky BMG gulluklarynyň birnäçesine hüjüm edendiklerini aýtdy.

Polisiýa bir bombaçynyň öz partlaýjyly maşynyny BMG-niň binalarynyň derwezesiniň agzynda partladandygyny, beýleki üç bombaçynyň bolsa billeri bomba-guşakly bina girmäge synanyşandygyny aýtdy. Olaryň üçüsi hem owgan polisiýasy tarapyndan atylyp öldürildi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini Talyban öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG