Sepleriň elýeterliligi

Mergi epidemiýasy Haitiniň paýtagtyna gelip ýetdi


Demirgazyk we merkezi Haitide 220 adamy öldüren mergi epidemiýasynyň ýurduň gür ilatly paýtagtyna hem gelip ýetendigi aýdylýar.

BMG-niň pan amerikan saglyk guramasynyň aýtmagyna görä, Haitiniň saglyk ministri Port-au-Prinsdäki faktlary tassyklapdyr. Ýöne bu meselede anyk san görkezilmändir.

Bu epidemiýa ada ýurduny ýer-egsan eden ýer titremesinden 10 aý soň ýaýraýar.

Ýüzlerçe müň adam şindi hem elde dikilen çadyr şäherçelerinde ýaşaýar.
Kömek toparlary paýtagtyň töweregindäki arassaçylygyň gaty pesdigini we içgeçme sebäpli döreýän keselleriň çalt ýaýraýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG