Sepleriň elýeterliligi

Türkmen hem rus prezidentleri Hazarýaka proýektini doňdurmaly etdi


«Kommersant» gazeti Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana sapary mahalynda gelnen ylalaşyk barada habar berdi.

Rus hökümetiniň wise-premýeri Igor Seçiniň «Kommersant» gazetine aýtmagyna görä, gepleşikleriň esasy netijesi Hazarýaka gaz geçirijisini gurmak baradaky proýektiň Ýewropa Bileleşiginde gaza bolan isleg ýokarlanýança soňa goýulmagy bolupdyr.

Seçin bu proýektiň hemişelik doňdurylmaýandygyny, gaz hyzmatdaşlygyndaky gepleşikleriň hemmesiniň bazar ýagdaýlary esasynda kesgitlenjegini hem sözüniň üstüne goşýar.
XS
SM
MD
LG