Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz syýasatçysy howpsuzlyk gullugynyň özüni ýoklajak bolandygyny aýdýar


Gyrgyz milletçi partiýasynyň lideri Döwlet howpsuzlyk güýçleriniň özüni ýoklamak üçin eden synanyşygynda ýaradar bolandygyny aýdýar.

“Ata Žurt” partiýasynyň lideri Kamçibek Taşiýew bu beýanaty Bişkekde bolan metbugat ýygnagynda aýtdy. Ol ýaragly adamlaryň öz jaýyna kürsäp girendiklerini, emma ara janpenalarynyň düşendigini gürrüň berdi.

Ol goragçylarynyň hüjümçileriň sapançalaryny we Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň agzasylygy baradaky şahadatnamalaryny alandyklaryny aýtdy.

Interfaks habarlar gullugy Döwlet howpsuzlyk gullugynyň sözçüsiniň bu waka özleriniň dahylsyzlygy barada aýdan sözlerini çap etdi.

Polisiýa Taşýiewiň öýüne hüjüm edilendigini tassyklady, ýöne jikme-jiklikleri aýtmady.
XS
SM
MD
LG