Sepleriň elýeterliligi

logo-print

HRW Yrakdaky gynamalar baradaky maglumatlary derňemäge çagyrýar


Hýuman raýts wotç guramasy Yragy yrak polisiýasynyň we esgerleriniň tussaglary urup-ýenjendigi baradaky maglumatlary derňemäge çagyrýar.

WikiLeaks internet saýtynyň çap eden ýaşryn dokumentlerinde şeýle aýyplamalaryň on müňlerçesi öňe sürülýär.

Şeýle-de HRW Waşingtony öz güýçleriniň halkara kanunlaryna garaman, gynalmak howpy abanýan tussaglary yrak häkimiýetlerine tabşyranlygy baradaky maglumatlary derňemäge çagyrdy.

Waşington WikiLeaks saýtynyň bu dokumentleri çap etmegini ýazgaryp çykyş etdi we munuň amerikan esgerlerini we olaryň yrakly kömekçilerini töwekgellige saljagyny aýtdy.

WikiLeaks saýtynyň esaslandyryjysy Žulian Assanj bu dokumentleriň uruş baradaky hakykaty açýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG