Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa has ýiti howpsuzlyk ýagdaýy bilen ýüzbe-ýüz bolýar


Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan Ýaponiýa Hytaýyň harby taýdan güýçlenmegi we Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy sebäpli barha artýan howpsuzlyk synaglary bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýdi.

Kan bu sözleri şu gün Tokioda harby paradda aýtdy. Ol ýapon güýçleri her hili ýagdaýa taýyn bolmaly diýdi.

Şeýle-de ol Ýaponiýa Birleşen Ştatlar bilen onýyllyklara çeken ýaranlygyny mundan beýläk hem berkitmeli diýdi.
XS
SM
MD
LG