Sepleriň elýeterliligi

“War Resisters’ International” türkmen tussaglaryny goldamaga çagyrýar


"War Resisters’ International" guramasy Türkmenistanda ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun towlanlygy üçin türmä basylanlaryn sanynyň 10-a ýetendigini habar berýär.

“Forum 18” toparynyň maglumatlary esasynda, Türkmenistanda ynanjy esasynda gulluk etmekden boýun gaçyrany üçin türmä basylanlaryň sany 10-a ýetdi we olaryň 8-si zähmet düzediş lagerlerinde 18 aýdan iki ýyl aralygynda jeza çekýär.

Ýehowa şaýady Ahmet Hudaýbergenow 7-nji sentýabrda tussag edildi we sentýabryň ortasynda Jenaýat kodeksiniň 219(1) maddasy esasynda 18 aý türme tussaglygyna höküm edildi. Ol Seýdi şäheriniň golaýyndaky türmä iberilendir öýdülýär.

Ýehowa şaýady Döwlet Bäşimowa bolsa awgustyň aýagynda iş kesildi. Ýene bir Ýehowa şaýady Aziz Roziýew awgustyň 4-ne 18 aý türmä basyldy.

“War Resisters’ International” guramasy Türkmenistanda ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwren we türmä basylan raýatlary goldap, türkmen häkimiýetlerine hat ýazmaga çagyrýar.
XS
SM
MD
LG