Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak resmileri “WikiLeaks” saýtynyň maglumatlaryny derňemekçi


“WikiLeaks” internet saýtynyň eýesi Julian Assanj Londondaky metbugat konferensiýasynda, 23-nji oktýabr 2010-njy ýyl.
“WikiLeaks” internet saýtynyň eýesi Julian Assanj Londondaky metbugat konferensiýasynda, 23-nji oktýabr 2010-njy ýyl.

Yrak resmileri polisiýanyň we esgerleriň ýurduň mezhep urşy mahalynda eden bikanun işleri barada aýdylýanlary derňejekdiklerini aýdýarlar. Bu wada “WikiLeaks” internet saýty Birleşen Ştatlaryň Yrak urşy barada ýaşryn saklan 400 müňe golaý maglumatyny çap edenden soň berildi.

Amerikan resmileri internet saýtynyň bu hili gizlin maglumatlary çap etmegini ýazgaryp çykyş etdiler. Resmiler munuň amerikan goşunlaryny we olaryň yrak kömekçilerini töwekgellige saljagyny aýdýarlar. Emma yraklylaryň käbiri bu maglumatlarda özleri üçin uly bir täzeligiň ýokdugyny aýdýar.

“WikiLeaks” internet saýty Birleşen Ştatlaryň Yrak urşy barada gizlin saklan dört müňe golaý işini çap edeli bäri yrak hem amerikan güýçleriniň Yrak urşy mahalyndaky hereketleri barada söz urşy gidýär.

Içeri işler ministri Jawad al-Bolani ýaly yrak resmileri “WikiLeaks” tarapyndan çap edilen maglumatlarda yrak polisiýasynyň we harby güýçleriniň 2004-2009-njy ýyllar aralygynda bolan uruşda tussaglary gynandygy, öldürendigi barada aýdylýanlary derňemegiň hökmandygyny aýdýar.

“Ýurtdaky täze syýasy sistema hem döwlet guramalaryna görä, adam hukuklaryny bozmak kabul ederliksiz we kanuna ters gelýär. Içeri işler ministrligi zorluk faktlary barada aýdylýanlary berk yzarlaýar. Derňew gulluklary bu işleriň üstünde berk işleýär we hiç kim kanundan ýokarda däl” diýip, Jawad al-Bolani aýdýar. “Derňewiň näçe uzak wagt aljagyna garamazdan, bu ýerde sudlar we kanun düzgünleri bar we islendik yrakla garşy ulanylan zorluga dahylly bolanlar hökman kanun öňünde jogap berer”.

Aýdylmadyk 15,000 ölüm

“WikiLeaks” tarapyndan çap edilen maglumatlaryň asyl nusgadygy ýa däldigi indi anyklanmaly. Emma bu internet saýtynyň eýesi Julian Assanj bu materialyň Yrakda amerikan ýolbaşçylygynda alnyp barlan uruş sebäpli turan köpçülikleýin mezhep zorluklary netijesinde 15 müň çemesi graždan adamyň öldürilendigini dokumentleşdirýändigini, bu işleriň ozal ýaşryn saklanandygyny aýdýar.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri Al-Najafdakty çaknyşykdan soň söweşijileri gabaýarlar, 2007-nji ýyl.
Birleşen Ştatlaryň harbylary Yrakda graždan adamlaryň heläkçiligi barada jikme-jikme hasabat ýöretmändigini aýdýar. Emma “WikiLeaks” saýtynyň çap eden dokumentlerinde ýol ýakalarynda bolan bomba partlamalary, adam zorlamak, yrak polisleriniň, harbylarynyň we mezhep söweşijileriniň tussaglary jezalandyryp öldürmegi bilen bagly faktlaryň üsti açylýar. Bu faktlar söweş meýdanyndaky pes derejeli ofiserleriň ýazgylary esasynda dokumentleşdirilipdir.

Premýer-ministr Nury al-Malikiniň edarasy tussaglaryň gynalmagy we eden-etdilikli tutup-basmalar baradaky aýyplamalary gaharly garşylady. Malikiniň geňeşçisi Ali al-Musawi Bagdatda Azat Yrak Radiosyna beren gürrüňinde adamlaryň eden-etdilikli tussag edilmegi barada metbugatda ýaýradylýan habarlaryň ýalňyşdygyny, bir adamyň hem bikanun tussag edilmändigini aýtdy.

Derňemäge çagyrylýar

Adam hukuklaryny goraýan “Human Righst Watch” guramasy Yragy bu aýdylýanlary derňemäge çagyrdy. Şeýle-de bu gurama Waşingtonyň öz güýçleriniň gynalmak töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz tussaglary yraklylara tabşyryp, halkara kanunlaryny bozup-bozmanlygyny derňemegine çagyrdy.

“WikiLeaks” Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň we yrak söweşijileriniň, yrak polisleriniň we esgerleriniň elinden ölen graždan adamlaryň hem 109 müňdügini dokumentleşdirip biljegini aýdýar. Yragyň adam hukuklary ministri Wiždan Mikail Azat Yrak Radiosyna beren gürrüňinde bu sanyň öz ministrligi we beýleki hökümet guramalary tarapyndan ýygnalan maglumatlara gabat gelýändigini aýtdy. Olaryň toplan maglumatlaryna görä, 2003-2009-njy ýyllar aralygynda Yrakda graždan ilatdan 101 müň adam öldürilipdir.

Ýönekeý yraklylyar üçin “WikiLeaks saýtynyň çap eden dokumentlerinde uly bir täzelik ýok. Özüni bagdatly Salah diýip atlandyran yrakly “Reuters” agentligine beren gürrüňinde özi üçin ol ýerde täze maglumatyň ýokdugyny, sebäbi uruş bilen bagly wakalara yraklylaryň ählisini şaýat bolandygyny aýtdy.

“Her bir maşgalanyň tussagda gynalan, ýa bolmasa yrakly ýa-da daşary ýurtly güýçler tarapyndan bikanun tussag edilen garyndaşy bar. Ýa olar yrak ýa daşary ýurt güýçleri tarapyndan öldürilen kimdir birlerini tanaýarlar. Bu biziň hemmämiziň bilýän zadymyz. Bulary bilmek üçin bize dokument gerek däl. Bu dokumentler diňe resmi tassyknamany üpjün edýär” diýip, Salah aýtdy.
XS
SM
MD
LG