Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bişkekde ýüzlerçe protestçi demonstrasiýa çykdy


Ýekşenbe güni Gyrgyzystanyň «Ata-Žurt» partiýasynyň lideri Kamçybek Taşiýewiň öz janyna kast etmek synanyşygynyň gurnalandygyny aýdyp çykyş etmeginiň yzy bilen, onuň tarapdarlarynyň ýüzlerçesi Bişkekde protest demonstrasiýasyna çykdylar.

Protestçiler Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Keňeşbek Duşenbaýewiň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Kamçybek Taşiýew hepdäniň şenbe güni Bişkek şäheriniň eteginde ýerleşýän öz öýüne birnäçe ýaragly adamyň kürsäp girendigini, ýöne olaryň hüjümine öz janpenalarynyň böwet bolandygyny aýdyp, beýanat etdi.

Ol özüne hüjüm eden şol adamlardan biriniň ýanyndan onuň Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgäridigini görkezýän dokumentiň tapylandygyny hem öňe sürdi. Emma ýurduň Milli howpsuzlyk gullugy Taşiýewe bu gullugyň haýsydyr bir işgäriniň hüjüm edendigini ret edýär.

Kamçybek Taşiýew ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlaryndan biri hasaplanylýar. Ýakynda geçirilen parlament saýlawlarynda parlamentden orun alan esasy bäş partiýanyň hatarynda onuň «Ata-Žurt» partiýasy iň köp sese eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG