Sepleriň elýeterliligi

BMG özüniň Owganystandaky bölümine edilen hüjümi ýazgarýar



Ýekşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bu guramanyň Owganystandaky bölümine edilen hüjümi ýazgaryp beýanat ýaýratdy.

Hepdäniň şenbe güni Owganystanyň günbatar regionyndaky Gerat şäherinde dört sany ýaragly söweşiji Birleşen Milletler Guramasynyň ýerli edarasyna hüjüm etdiler. Wakada edaranyň goragçylary ýaragly hüjümçileri atyp öldürdiler.

Bu hüjümde BMG-niň işgärleriniň ýa-da edaranyň goragçylarynyň nähilidir bir ýitgi çekendikleri barada maglumat alynmady.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň düýnki beýanatynda bu guramanyň Owganystanda alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýete eýedigi hem nygtalypdyr.
XS
SM
MD
LG