Sepleriň elýeterliligi

Eýran «çakdanaşa günbatarlaşdyrylan» dersleriň okadylmagyny ýatyrmakçy


Ýekşenbe güni Eýranyň Bilim ministrliginiň resmisi ýurduň ýokary okuw jaýlarynda «çakdanaşa günbatarlaşdyrylan» dersleriň okadylmagyna ýol berilmejekdigini aýdyp çykyş etdi.

Eýranyň «Arman» atly gazetine beren interwýusynda Bilim ministrliginiň ýokary derejeli resmisi Abolfazl Hassani bu çäklendiriji çäreleriň çäklerinde kanunçylyk, aýal-gyzlar meselesi, adam hukuklary, döwlet dolandyryşy, syýasat, sosiologiýa, filosofiýa we psihologiýa ýaly ençeme dersleriň täzeden gözden geçiriljekdigini mälim etdi.

Ol bu gözden geçirilişiň esasy maksadynyň bu gürrüňi edilýän dersleri Yslam taglymatlaryna laýyk getirmekden ybarat boljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG