Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ugry öňem rahat bolmandy


Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde, 22-nji oktýabr 2010-njy ýyl.

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde, 22-nji oktýabr 2010-njy ýyl.

Daşyndan göräýmäge, Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana sapary örän bir asuda, ýagdan gyl sogrulan ýaly geçene meňzeýär. Ýöne käbir alamatlardan onuň iki tarap üçinem öz maksatlaryna we bähbitlerine aýak diräni üçin, diýseň dartgynly geçendigini çaklamak mümkin. Anyk dokumentlere, şertnamalara, ylalaşyklara gol çekilmedi. Diýmek, bu sapar galapyn göz üçin geçirilen sapar bolup çykýar.

Orsýetiň prezidentiniň ýurda gelmegini Aşgabat täze tipli gatnaşyklary ýola goýmakda Moskwanyň öňünde baş şertlerini ýatlatmak üçin ulandy. Ýurduň ähli ideologik serişdeleri şol şertleri biragyzdan bilen doga ýaly gaýtaladylar.

Deňhukuklylyk nygtalýar

Telewizoryň ekranlarynda, gazetleriň sahypalarynda “deňhukukly, özara bähbitli, özara bähbitleriň deňagramlylygy prinsipleri” barasynda öwran-öwran tekrarlanýar. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň ählisiniň Orsýet prezidentiniň sapary baradaky habarlarynda “birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak bilen özara hormat goýmak” we ýene-de bir gezek deňhukuklylyk nygtalýar.

Başgaça aýdylanda, Aşgabat mundan öňki doly monopolistiň öňündäki boýunegijiligi bilen türkmen tarapynyň mundan beýläk ylalaşmajakdygyny açyk duýdurýar. Hatda Dmitriý Medwedewe gelen güni agşam deňziň kenaryndaky “Awaza” kurort zolagynda görkezilen golografik tomaşa-da idelogiýa tarapyndan ölçelip-biçilen balans esasynda taýýarlanypdyr. Suwuň ýüzünde peýda bolan ekranda Orsýetiň döwlet simwollary görkezildi, şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň nyşanlary ýanaşyk goýuldy.

Suw çüwdürimlerinde Puşkiniň şekili görünýär, onuň ýanynda Magtymguly bar. Moskwanyň Kremli bilen Aşgabatdaky prezident köşgi ýanaşyk peýda bolýar. Eger deňlik bolmaly bolsa, şol şekillerde ol özüni doly görkezýär. Türkmen tarapy gatnaşyklarda deňhukuklylyk ideýasyny iki ýurduň arasynda birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutup berkidýär.

Orsýet üçin ýakymsyz pursat

Häzirki emele gelen ýagdaýda Moskwa Aşgabadyň çagyryşlaryny äsgermezlik edip biljek däl. Heniz soňky söz aýdylmadygam bolsa, Orsýet Türkmenistanyň öňe sürýän talaplaryny hasaba alman, durup bilmese gerek. Imperiýanyň düzümindäki regionlaryň ählisiniň Moskwa tabynlyk däbi asyrlaryň dowamynda kemala gelipdi, pugtalanypdy.

Görnüşine görä, Hytaý, Eýran ýaly energetik ýaranlara eýe bolandygyna, geljekde olaryň hataryna Hindistanyň we Ýewropanyň goşulmagynyň mümkindigine, bu işleriň garaşsyzlyga doly kepildigine türkmen ýolbaşçylary düşünýärler.

Orsýet bolsa Türkmenistana we tutuş Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýitiren täsir guralyny tapmagyň ýollaryny gözlemesini dowam etdirer. Şol gözlegleriň bolmagy mümkin ugurlarynyň biri – regiondaky goňşy ýurtlaryň özara oňşuksyzlygyny ulanmak bolar.

Orsýet üçin bu meselede iň bir ýakymsyz pursatlaryň biri – Türkmenistan bilen Özbegistanyň biri-birine güýçli ýakynlaşyp başlamasydyr. Ýakynda Özbegistanyň prezidentiniň Aşgabada sapary şol ýakynlaşma aýdyň şaýatlyk etdi. Moskwanyň elinde galan ýene bir ätiýaç wariant –Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ýönekeý bolmadyk gatnaşyklardyr.

Dile çolandy

Aradaky dartgynlylygy mümkin boldugyça saklap galmak, Hazar deňziniň meseleleri, “Nabukko” proýekti boýunça ylalaşyk gazanmaklaryna ýol bermezlik üçin ors diplomatiýasynyň her zat etmeginiň mümkindigine Aşgabatda düşünmän duran däldirler. Çünki şol gaz turbasy Orsýetden sowlup geçip, Ýewropa türkmen gazyny akdyrmaly.

Wise-premýer Igor Seçin
Orsýet delegasiýasynyň agzalarynyň biri - wise-premýer Igor Seçin “Nabukko” proýektiniň geljeginiň ýokdugyny gypynç etmän, dile çolady. Başgaça aýdylanda, Orsýet türkmen ýolbaşçylarynyň pozisiýasyna garşy durmaga açyk girişýär. Indi gep Moskwanyň öz maksadyna ýetmegi üçin haýsy usullary we abzallary herekete girizjeginde.

Aşgabat öz pozisiýasyny elden berýänliginiň haýsydyr bir alamatyny görkezenok, munuňam üstesine Orsýet satyn alýan gazynyň möçberini artdyrmagy planlaşdyrmaýar. Owgan ugram Türkmenistan üçin ondan howpsuz däl. Ol gös-göni howpsuzlyk meseleleri bilen bagly, hut şu meselelerde Orsýet ýene-de öňki monopoliýalaýyn artykmaçlygyny yzyna gaýdyp almaga bil baglap biler.

Eger Owganystanda ýagdaý kontroldan çyksa, regiondaky harby bulaşyklygyň ilkinji pidalarynyň biri Türkmenistan bolmagy mümkin, şonda Aşgabat kömek sorap, Moskwa ýüz tutmaga mejbur bolar. Taryhy tejribä görä, kömek soralmasa-da, Moskwa wakalara goşulyşyp biler. Orsýet ugry Türkmenistan üçin öňem rahat bolmandy, diýmek, geljekde-de ol rahat bolar öýtmek hyýalbentlikdir.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG