Sepleriň elýeterliligi

Päkistandaky partlamada alty adam heläk boldy


Duşenbe güni Päkistanyň Punjab welaýatynda sopylaryň belli ybadathanasy bolan Farid Shakar Ganjda partlama boldy.

12-nji asyra degişli bu ybadathanadaky partlama netijesinde 6 adamyň ölendigi we birnäçe adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýerli polisiýanyň berýän maglumatlaryna görä, partlaýjy serişde ybadathananyň ýanynda duran motosiklede ýerleşdirilipdir. Partlama netijesinde ybadathana zeper ýetmedi.

Häzire çenli bu partlamanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Ýöne soňky aýlaryň dowamynda sopylar yslam ekstremistleriniň ýygy hüjümlerine sezewar bolupdy.
XS
SM
MD
LG