Sepleriň elýeterliligi

Boliwiýanyň prezidentiniň Eýrana sapary başlandy


Duşenbe güni Boliwiýanyň prezidenti Ewo Moralesiň Eýrana üç günlük resmi sapary başlandy.

Moralesiň aýtmagyna görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we Eýranyň inwesitisiýalaryny ýurda getirmek barada maslahat ediler.

Saparyň dowamynda iki ýurduň prezidentleriniň duşuşmagyna we birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol goýmaklaryna garaşylýar.

Bu sapar Ewo Moralesiň soňky iki ýylyň dowamyda Eýrana edýän ikinji saparydyr.2007-nji ýylda Ahmedinejad Boliwiýa sapar eden Eýranyň ilkinji prezidenti boldy.

Şol duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň gol goýan ylalaşyklarynyň umumy bahasy 1,1 milliard dollara barabar boldy.
XS
SM
MD
LG