Sepleriň elýeterliligi

Fransiýadaky protestler ýurduň ykdysadyýetine zyýan ýetirýär


Fransiýanyň maliýe ministriniň habar bermegine görä, ýurtda geçirilýän protestleriň her güni ykdysadyýete 200 milliondan 400 million ýewro çenli zyýan ýetirýär.

Maliýe ministri Kristin Lagardyň aýtamagyna görä, ýurtdaky protestçiler bilen polisiýanyň çaknyşyklary netijesinde Fransiýanyň dünýädäki abraýyna hem şikes ýetýär.

Fransiýada hökümetiň pensiýa reformasyna garşy dowam edýän protestler netijesinde ýurtdaky ýangyç stansiýalary boş galdy, transport gatnawlary bozuldy we mekdeplerde okuwlar bes edildi.

Emma, bu protestlere garamazdan, ýurduň parlamentiniň Aşakky öýi bu kanuny eýýäm tassyklady. Fransiýanyň Senaty bolsa şol kanun boýunça şu hepde ses berişlik geçirer.

Ýurduň profsoýuz wekilleri protestleri dowam etmäge çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG