Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti Eýranyň hökümetinden pul alandygyny tassyklady


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý özüniň diwanynyň ýolbaşçysynyň Eýranyň hökümetinden pul alandygyny tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, bu pul açyk ýagdaýda we resmi kömek hökmünde berlipdir.

Hamid Karzaý bu çykyşyny “The New York Times” gazetinde çap bolan makaladan soň etdi. Şol makalada Eýranyň Owganystandaky bähbitlerini goramak şerti bilen, Karzaýyň diwanynyň dolandyryjysy Umar Daudzaiýa Eýranyň hökümetiniň “haltalap” pul berendigi aýdylýar.

Gazetde çap bolan makala laýyklykda, millionlarça dollarlar owgan hökümetiniň işgärlerine, taýpa baştutanlaryna, hatda Talyban toparyna olaryň razylygyny gazanmak üçin berlipdir.

Karzaý prezidentiň ýyllyk sowalgysy üçin Eýranyň 700,000 – 975,000 dollar aralygynda pul berlendigini mälim etdi. Şeýle hem Owganystanyň pul ýetmezçiligi sebäpli käbir “dost” milletleriň özüniň hökümetine pul kömegini berýändigini belledi.
XS
SM
MD
LG