Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan gazak Мangistau oblasty bilen serhedini ýapdy


Gazagystanyň Мangistau oblastynyň Gümrük gözegçiligi departamentiniň habar bermegine görä, Türkmenistan birtaraplaýyn tertipde Мangistau oblasty bilen serhedini ýapypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasyndaky howpsuzlyk çäreleriniň ýokarlanmagy bilen, 18-nji oktýabr we 1-nji noýabr aralygynda gazak raýatlarynyň Gazagystandan Türkmenistana aňsatlaşdyrylan tertipde geçmegi gadagan edilipdir.

Asyl düzgüne laýyklykda, Gazagystanyň Мangistau etrabynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň Balkan welaýatyna wizasyz girip, 5 günläp galyp bilýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diňe «Temir-Baba» gümrük posty işleýär.
XS
SM
MD
LG