Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

15 adamy öldüren ors milletçisiniň işine garalýar


Duşenbe güni Moskwanyň şäher sudunda aýyplama bildiriji prokuror 15 adamy öldürmekde aýyplanylýan milletçi Wasiliý Krewetse ömürlik türme tussaglygynyň berilmegini talap edip, çykyş etdi.

Moskwaly milletçi skinhedleriň bir toparynyň lideri Wasiliý Kriwetse Moskwanyň şäher sudy 2007-2008-nji ýyllar aralygynda milleti slawýan bolmadyk daşary ýurt raýatlarynyň 15-sini öldürenlikde aýyplama bildirýär.

Şol öldürilen adamlaryň aglabasy Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň raýatlary.

Bu adamlardan bäşisiniň öldürilmegine gatnaşanlykda Orsýetiň ýene bir raýaty Dmitriý Ufimsew hem aýyplanylýar. Aýyplama bildiriji prokuror düýn suddan Dmitriý Ufimsewe 23 ýyl türme tussaglygyny bermekligi sorady.

Moskwanyň şäher sudy bu aýyplanylýanlaryň işi boýunça şu hepde, 28-nji oktýabrda gutarnlykly höküm çykarar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG