Sepleriň elýeterliligi

Çehiýa kubaly dissidente gaçybatalga bermäge taýýar


Duşenbe güni Çehiýa Respublikasynyň hökümeti ýakynda Kubada türmeden boşadylan syýasy dissident Rolando Jimenez Posada we onuň maşgalasyna syýasy gaçybatalga bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Kubaly syýasy aktiwist we ýurist Rolando Jimenez Posada 2003-nji ýylda ýurduň häkimiýetleri tarapyndan tussag edilipdi. Şu aýyň başynda ol türmeden boşadylmagynyň yzy bilen, Ispaniýa barypdy.

Kubanyň kommunistik režimi Ispaniýanyň hökümeti we Rim Katolik kelisesiniň dini resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde 52 sany syýasy dissidenti tussaglykdan boşatmaga razy bolupdy.
XS
SM
MD
LG