Sepleriň elýeterliligi

ÝB Belarusyň resmilerine girizilen sanksiýalaryň möhletini uzaltdy


Duşenbe güni Ýewropa Bileleşigi Belarusyň ýokary derejeli hökümet resmilerine garşy girizilen ozalky sanksiýalaryň möhletini ýene bir ýyl uzaltdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Lýuksemburgda kabul eden düýnki kararynda Belarus resmileriniň bir toparyna Ýewropa ýurtlaryna sapar etmekligi gadagan edýän bu çäklendirmeleriň möhletiniň ýene bir ýyla uzaldylýandygy aýdylýar.

Ýewropa Bileleşigi bu sanksiýalary Belarusda käbir syýasy reformalaryň geçirilmegini talap edip girizipdi.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Andreý Sawinyh düýnki kabul edilen karara Belarusyň nägilelik bildirýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG